Finlýandiýa we ýene dokuz ýurt maglumatlary geçirmegiň 6G torunyň esasy ösüş ýörelgelerini ylalaşyp, olary ýörite jarnamada görkezdiler. Bu barada 27-nji fewralda Barselonada Mobile World Congress-iň geçirilmegi bilen baglylykda respublikanyň Ulag we aragatnaşyk ministrligi habar berdi diýip, TASS belleýär. Jarnama Finlýandiýa bilen bilelikde Awstraliýa, Beýik Britaniýa, Ýaponiýa, Kanada, Koreýa Respublikasy, Fransiýa, Şwesiýa, Çehiýa we ABŞ gol çekdi. “Finlýandiýa – ykjam tor tehnologiýalaryny işläp düzýän we olary çalt ornaşdyrýan öňdebaryjy ýurtlaryň biri. Men pikirdeş ýurtlar bilen halkara hyzmatdaşlygy berkidýändigimize begenýärin. Geljegiň ykjam torlarynyň howpsuz we ygtybarly bolmagy üçin 6G-ni bilelikde ösdürmegi dowam etmeli” – diýip, ulag we aragatnaşyk ministri Lulu Ranne belleýär. Finlýandiýa maglumatlary geçirmegiň ykjam torlaryny ösdürmekde lider ýurtlaryň hataryna girýär. 2020-nji ýyldan bäri respublikada bäşinji nesil ykjam aragatnaşyk ulgamy hereket edýär.