Xiaomi kompaniýasy täze HyperOS operasiýa ulgamyna çenli täzelenme aljak smartfonlaryň sanawyny hödürledi. Oňa 20 sany Xiaomi we Redmi smartfony, şeýle hem iki sany planşet girýär. Täzelenmeler 2024-nji ýylyň birinji ýarymynda başlar. Bu barada GSMArena habar berýär. HyperOS-y aljak enjamlaryň resmi sanawy aşakdakylar: Xiaomi 12 Xiaomi 12 Lite Xiaomi 12 Pro Xiaomi 12T Xiaomi 12T Pro Xiaomi 12X Xiaomi 13 Xiaomi 13 Lite Xiaomi 13 Pro Xiaomi 13 Ultra Xiaomi 13T Xiaomi 13T Pro Redmi Note 12 5G Redmi Note 12 Pro 5G Redmi Note 12 Pro + 5G Redmi Note 13 4G Redmi Note 13 5G Redmi Note 13 Pro 4G Redmi Note 13 Pro 5G Redmi Note 13 Pro + 5G Planşetler: Redmi Pad SE Xiaomi Pad 6 HyperOS Xiaomi smartfonlary, planşetleri, sagatlary we akylly telewizorlary üçin täze Android esasly ykjam operasion ulgam. Ol 2023-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda tanyşdyryldy we MIUI-iň mirasdüşeri hasaplanýar. Google-a garaşsyz, Xiaomi kompaniýasy tarapyndan özbaşdak işlenip düzüldi we goldanyldy. Özünde Android-den, iOS-dan we MIUI-den käbir çözgütleri utgaşdyrýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir