Barselonada geçirilýän «Mobile World Congress (MWC) 2024» tehnologiýa sergisiniň çäklerinde «Honor» kompaniýasy emeli aň funksiýalary bolan täze «MagicBook 16 Pro» flagman noutbugyny tanyşdyrdy. «Honor MagicBook 16 Pro» «Nvidia RTX 4060 GPU» we 32 GB operatiw ýat bilen utgaşdyrylan kuwwatly «Intel Core Ultra 7 155H» prosessory bilen işleýär. Goşmaça ýat «Apple» noutbuklaryndaky ýaly, enelik palata birleşdirilýär, şonuň üçin ony giňeldip bolmaýar. Şeýle-de bolsa SSD aýrylyp bilinýär we 1 TB moduly bilen bilelikde satylýar. Täze önümiň aýratynlyklarynyň biri hem häzirki zaman generatiw emeli aň ulgamlaryna mahsus bolan operasion ulgama integrirlenen neýroulgamyň funksiýalarynyň bolmagydyr. Mysal üçin, akylly surat gözlegi funksiýasyny goldaýar, tekst resminamalaryny gysylan görnüşde gürrüň bermek, tebigy dildäki soraglara düşünmek, awtomatiki usulda subtitrleri döretmek we suratlardaky teksti tanamak üçin «Magic Text» funksiýasy bardyr. Şeýle hem noutbuk 3072-e 1920 piksel durulygy, 144 Hz täzeleniş tizligi we azyndan 300 nit ýagtylygy bolan 16 dýuýmlyk IPS ekrany bilen üpjün edildi. Kompýuterde iki USB-C 3.2 port, iki USB-A 3.2 port, doly ölçegli HDMI 2.0 porty we gulaklyklar üçin bölüm bardyr. Noutbuk 65W çenli tizlikde USB-C portlarynyň biriniň üsti bilen zarýad alýar. Akkumulýatoryň sygymy 56 Wt/sagat bolup, 10 sagat üznüksiz işlemek üçin ýeterlikdir. «MagicBook 16 Pro-nyň» agramy 1,86 kg-a deň. Täze «Honor» kompýuteri 2024-nji ýylyň ikinji çärýeginde satuwa çykarylar. Enjamyň bahasy aýan edilmeýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir