Beýik Britaniýanyň korollyk zikgehanasy merhum britan aýdymçy Jorj Maýkla bagyşlanan kolleksion şaýy pullaryny çykardy. Şaýy puluň öň tarapynda Jorj Maýklyň meşhur Günden goraýan äýneklerini geýen portreti bar. Şaýy puluň arka tarapynda Beýik Britaniýanyň koroly Karl III-niň portreti şekillendirilipdir. Korollyk zikgehanasy altyn, kümüş we adaty şaýy pullary çykardy. Nominaly £5 bolan adaty şaýylyk mis-nikel ergininden ýasaldy. Onuň agramy 28,28 gr. Altyn teňňe 999 probaly altyndan ýasalyp, dört görnüşinde satylýar: nominaly £200, agramy – 62,42 gr, möçberi – 35 nusga; nominaly £100, agramy – 31,21 g, möçberi – 160 nusga; nominaly £25, agramy – 7,8 g, möçberi – 310 nusga; nominaly 50 pens, agramy - 0,8 g, möçberi – 2034 nusga. Kümüş teňňe 999 kümüşden ýasalyp, üç görnüşinde bar: nominaly £10, agramy – 156,30 g, möçberi – 185 nusga; nominaly £5, agramy – 62,86 gr, möçberi – 350 nusga; nominaly £2, agramy – 31,21 g, möçberi – 3510 nusga. Şaýy puluň dizaýny Jorj Maýklyň «Faith» aýdymynyň wideoklipiniň esasynda ýerine ýetirilipdir. Onuň dizaýny grawýuraçy Sandra Deýana tarapyndan taýýarlanyldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir