Toyota Corolla 25 ýyl bäri satuwlar boýunça öňdebaryjy bolup, ykjam awtoulag bazarynda esasy ornuny saklamagyny dowam etdirýär diýip, Focus2Move habar berýär. 2023-nji ýylda bu modeliň 1,1 million nusgasy satyldy, bu bolsa 2022-nji ýyldakydan 0,1% köp. Iň ýakyn bäsdeşi Honda Civic 468 573 awtoulag satyp, Toyota-dan iki esse yzda galdy. Hyundai Elantra 323 973 ulag satmak bilen üçünji, Volkswagen Golf - dördünji (289 722 nusga), Volkswagen Sagitar - bäşinji (285 050 nusga) ýeri eýeledi. GAC Aion S iň täsirli - 91% ösüşi görkezmek bilen, altynjy orunda (220 904 sany) boldy. Audi A3 (219 468 sany) we LADA Granta (197 603 sany) ilkinji sekizlige girdi. Maruti Baleno (193 989 sany) we Honda City (168 458 sany) degişlilikde dokuzynjy we onunjy orunda durýar.