Britaniýaly sazanda we aýdymçy, «Queen» rok toparynyň öňki aýdymçysy Freddi Merkýuriniň rezidensiýasy auksionda satuwa çykaryldy. Bu barada «Bloomberg» habar berýär. Bellenilmegine görä, onuň Londondaky rezidensiýasy 30 million funt sterlinge (35 million ýewro) satuwa çykaryldy. Häzirki wagtda rezidensiýanyň eýesi sazandanyň ýakyn dosty Meri Ostin bolup, aýdymçy oňa baýlygynyň köp bölegini miras galdyrdy. Onuň bellemegine görä, ol köp wagt bäri rezidensiýany satmak barada pikir edipdi we geçen ýylyň sentýabr aýynda «Sotheby’s» auksionynda Merkýuriniň şahsy zatlarynyň satuwyndan 50 million dollar ýygnalmagy onuň bu kararda tutanýerliligini artdyrdy. Maliýe serişdeleriniň bir bölegi «The Mercury Phoenix Trust» gaznasyna (sazanda ölenden soň döredilen haýyr-sahawat gaznasy) we Elton Jonyň AIDS-e garşy göreş gaznasyna geçirildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir