Halkara alymlar topary ýylanlaryň 384 görnüşiniň ölüm howply zäherine garşy ählumumy madda tapdylar. Özboluşly açyş barada makala Science Translational Medicine žurnalynda neşir edildi diýip, esquire.kz habar berýär. Alymlar öz gözleglerinde beýlekiler bilen bir hatarda şa kepjebaşyny we gara mambany öz içine alýan aspidler maşgalasyna aýratyn üns berdiler. Zäherde saklanýan beloklary öwrenmegiň netijesinde ysmazlygy ýüze çykarýan toksini anyklamak başartdy. Soňra alymlar 50 mlrd antibedenjik barada maglumatlary saklaýan kitaphanany gözden geçirdiler we toksin bilen has gowy baglanyşýan hem-de onuň hereketini bitaraplaşdyrýan birleşmäni tapdylar. Barlaghana synaglary üstünlikli geçdi: zähere garşy madda goýberilen syçanlar hatda has howply ýylanlaryň-da çakmagyna çydap bildiler. Diňe alymlar ortaça giňişliklerde ýaýran alahöwrenleriň zäherine garşy antibedenjikleri tapyp bilmediler. Geljekde olar hut şuny maksat edinýärler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir