Fransiýanyň Kinematografiýa sungaty akademiýasy Sezar baýragynyň ýeňijilerini yglan etdi. 49-njy baýrak gowşurylyş dabarasy 24-nji fewralda Parižiň “Olimpiýa” teatrynda geçirildi diýip, Variety neşiri habar berýär. “Aşak gaçyşyň anatomiýasy” atly pajygaly film alty baýraga, şol sanda baş baýraga mynasyp bolup, ynamly ýeňiş gazandy. “Aşak gaçyşyň anatomiýasynyň” režissýory Jýustin Trie 49 ýylyň içinde iň gowy režissýor hökmünde “Sezar”-y alan ikinji aýal boldy. Kanadanyň “Söýginiň tebigaty” romantik komediýa-drama filmi iň gowy daşary ýurt filmi hökmünde ykrar edildi. Esasy dalaşgärlerden başga-da, kino sungatyna goşan goşandy üçin hormatly “Sezarlar” iňlis režissýory Kristofer Nolana we fransuz aktrisasy hem-de kinorežissýory Anýes Žauiýe gowşuryldy. Käbir baýrak eýeleriniň sanawy: Iň oňat film - “Aşak gaçyşyň anatomiýasy”; Iň oňat režissýor - Jýustin Trie (Aşak gaçyşyň anatomiýasy); Iň oňat aktrisa - Sandra Hýuller (Aşak gaçyşyň anatomiýasy); Iň oňat aktýor - Arýe Worthalter (Goldmanyň işi); Ikinji plandaky iň oňat aktrisa - Adel Ekzarkopulos (Ýüzleriňizi hemişelik ýatda saklaryn); Ikinji plandaky iň oňat aktýor - Swann Arlo (Aşak gaçyşyň anatomiýasy); Iň oňat ssenariý - Jýustin Trie, Artur Harari (Aşak gaçyşyň anatomiýasy); Iň oňat uýgunlaşdyrylan ssenariý - Odri Diwan, Waleri Donzelli (Diňe sen we men); Iň oňat daşary ýurt filmi - “Söýginiň tebigaty”.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir