Şanhaýly alymlar 1,6 petabaýt maglumat saklamaga ukyply optiki CD disk döretdiler. Bu adaty Blu-ray diskinden 16000 esse uludyr. Şeýle diskleriň hyzmat ediş möhleri 50 ýyldan 100 ýyla çenlidir diýlip, «Nature» žurnalynda ýerleşdirilen makalada bellenilýär. Tehnologiýanyň syry bir plýonkada ýüzlerçe gatlak maglumatlar ýerleşdirilen planar 3D ýazgydyr. Maglumatlary ýazmak we okamak üçin femtosekunt lazerleri ulanylýar. Petabaýtlyk diskler örän köp mukdarda maglumat saklap bilýär, bu bolsa olary maglumatlary gaýtadan işleýän merkezler üçin ajaýyp çözgüde öwürýär. Häzirlikçe petabaýtlyk CD diskleriniň ornaşdyrylmagyndaky esasy päsgelçilik olary okamak/ýazmak üçin elýeterli enjamlaryň bolmazlygydyr. Maglumatlary gaýtadan işleýän merkezlerinden başga-da, petabaýtlyk diskler gymmatly maglumatlary öýde saklamak üçin hem peýdalanylyp biler. Şanhaýly alymlaryň işläp düzen taslamasy maglumatlary saklamak pudagynda öwrülişik bolup biler.