Germaniýanyň awtoulag ägirdi «Mercedes-Benz» «Maybach» modellerinden has eksklýuziw we gymmat boljak täze premium derejeli «Mythos» kysymly ulaglaryny çykarmaga taýýarlyk görýär diýip, motor1.com habar berýär. «Mersedes-AMG SL» awtoulagynyň esasynda dörediljek täze kysymly ulaglaryň ilkinjisi 2025-nji ýylda çykar. Ol özboluşly dizaýny, kaşaň interýeri, kuwwatly hereketlendirijileri we ösen tehnologiýalary bilen tapawutlanar. «Mythos» kysymly awtoulaglaryň önümçiligi çäkli bolar we her bir nusgasynyň bahasy azyndan 300 müň dollar bolar. Ilkinji awtoulaglar müşderilere 2026-njy ýylda ýetiriler.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir