«Microsoft» «Windows 10» we «11-däki» «Photos» ykjam goşundysy üçin täze «Generative Erase» funksiýasyny yglan etdi. Emeli aň esasynda işleýän bu gural suratlardan islenmeýän zatlary bary-ýogy birnäçe gezek düwmä basmak arkaly aýyrmaga mümkinçilik berýär diýlip, kompaniýanyň sahypasynda bellenilýär. Şuňa meňzeş aýratynlyk «Photoshop» programmasynda we käbir smartfonlarda eýýäm elýeterlidir. «Generative Erase» funksiýasyny peýdalanmak üçin ulanyjy «Photos» ykjam goşundysynda şekil redaktoryny açmaly we «Erase» buýrugyny saýlamaly. Soňra bolsa aýrylmaly zady çotga bilen bellemek ýeterlikdir. «Generative Erase» we emeli aň esasynda işleýän beýleki funksiýalar «Windows 11-iň» 32 bit hem-de ARM prosessorlary üçin niýetlenen nusgalarynda elýeterli bolar. «Windows Insider» maksatnamasynyň agzalary täze aýratynlygy ilkinji bolup synagdan geçirip bilerler. Onuň ähli ulanyjylar üçin elýeterli ediljek senesi heniz yglan edilmedi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir