Microsoft ähli gabat gelýän personal kompýuterleri Windows 11 23H2 wersiýasyna çenli awtomatiki täzeläp başlady. Ilkinji nobatda Windows 11 ulgamynyň talaplaryna doly laýyk gelýän gurluşlar täzelener diýip, iGuedes belleýär. Näsazlyklar düzedilenden soň, täzelenme täze OS bilen bölekleýin gabat gelýän kompýuterler üçin elýeterli bolar. Netijede, Windows 11 21H2 we 22H2 bilen işleýän ähli personal kompýuterler 23H2 wersiýasyna çenli täzelener. Ýatlap geçsek, 23H2 täzelenen “Explorer-i”, Copilot neýroulgam kömekçisini, ulgam ätiýaçlygy üçin gaýtadan işlenen kömekçi programma ýaly birnäçe gowulandyrmalary öz içine alýar. Windows 11 21H2 2023-nji ýylyň 10-njy oktýabryndan bäri Microsoft tarapyndan goldanylmaýar we howpsuzlyk programmalaryna eýe bolmaýar. Windows 11 22H2-niň goldawy 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda bes ediler.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir