Phohan ylym we tehnologiýa uniwersitetiniň (Günorta Koreýa) alymlary hirurgiki operasiýadan soň gan akmany togtatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar. Ol midiýadan we ýüpek gurçugynyň pilesinden alnan gemostatiki serişdä esaslanýar diýip, Small žurnalynyň gözlegine salgylanýan Phys.org ýazýar. Bu material midiýanyň beloklaryndan we ýüpek fibrininden ybarat iki gatly membranadyr. Midiýanyň beloklary ganyň dokumalara berk ýapyşmagyny üpjün edýär we ýüpek fibrin bolsa onuň çalt uýamagyna kömek edýär. Täze usulyň artykmaçlygy - gan akmany çalt togtadýanlygynda, bioutgaşmasynda we biologiki dargaýanlygynda. Mundan başga-da, haýwan beloklaryny talap etmeýär we dürli ýaralara laýyk gelýär. Adaty gemostatiki serişdeler (hasa, bint) hemişe netije berip duranok we howply bolup biler. Beýleki materiallar (fibrin ýelimi, kollagen gubkasy) gymmat we adam ýa-da haýwan belogyny talap edýär. Täze ýelim-gemostatyň beýle kemçilikleri ýok. Ol dokuma çalt ýapyşýar, gan akmany togtadýar we infeksiýanyň düşmeginiň öňüni alýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir