“Gladiator”-yň sikweliniň býujeti 165 million dollardan 310 million dollara çenli ýokarlandy we Paramount Pictures-iň ýolbaşçylarynyň arasynda “görlüp-eşidilmedik nägileligi” döretdi. The Hollywood Reporter-iň çeşmeleri filmiň 49 günlük surata düşürilişiniň bahasynyň 250 million dollardanam azdygyny, Golliwudda 2023-nji ýylyň iýul aýyndan noýabr aýyna çenli önümçiligiň bökdelmegine getiren iş taşlaýyşlar sebäpli 10 million dollar (hepdede 600 000 dollar) ýitirilendigini habar berdi. “Gladiator 2”-niň surata düşürilişi başga kynçylyklar bilen hem ýüzbe-ýüz boldy. 2023-nji ýylyň iýun aýynda dört sany kaskadýor şowsuz ýerine ýetiren hereketleri sebäpli jan-saglyga howpsuz ýanyk şikesini aldy. Soňam režissýor Ridli Skott atlara we maýmynlara rehimsiz daraşmakda aýyplandy. “Gladiator 2”-niň ilkinji görkezilişini 2024-nji ýylyň noýabr aýynda geçirmek meýilleşdirilýär. Ikinji filmiň sýužeti birinji bölümdäkiden 25 ýyl soň ýaýbaňlanýar. Lusillanyň ogly (Konni Nilsen) we Kommodyň (Hoakin Feniks) ýegeni Lusiýiň baş keşbini Pol Meskal ýerine ýetirdi. Onuň bilen bilelikde filmde Pedro Paskal, Denzel Waşington, Jozef Kuinn we Konni Nilsen oýnady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir