«Google Chrome» brauzerinde emeli aň arkaly tekst ýazmaga kömek edýän «Help me write» funksiýasy peýda boldy. Bu barada gazeta.ru «TechCrunch» neşirine salgylanyp habar berýär. Ilkibaşda bu funksiýa «Gmail» hyzmatynyň içinde elýeterlidir, onuň kömegi bilen elektron hatlary ýazmak mümkindi. Indi täze ulgam brauzeriň içinde işleýär we islendik web sahypasyndaky tekst giriziş meýdanynda elýeterlidir. «Help me write» «Google-yň» «Gemini» modeliniň esasynda işleýär we häzirki wagtda synag maksatly funksiýa hökmünde elýeterlidir. Bu funksiýany işletmek üçin «Chrome» brauzeriniň sazlamalar menýusyna girip, «Experimental AI» bölümini saýlamaly. Häzirlikçe ol diňe iňlis dilini goldaýar we «Windows», «Mac» hem-de «Linux» operasion ulgamlaryndaky «Chrome-da» işleýär. Funksiýany ulanmak üçin islendik tekst meýdanynda sag düwmäni basmaly we kontekst menýusyndan «Help me write» buýrugyny saýlamaly. Ulanyjy onuň kömegi bilen täze tekst döredip ýa-da bar bolan ýazgyny birnäçe görnüşde üýtgedip biler. Funksiýa elektron hatlar ýaly gysga tekstler üçin niýetlenendir we uly göwrümli tekst döredilende kemçilikler ýüze çykyp biler. Funksiýanyň artykmaçlyklarynyň biri hem ulanyjynyň girýän sahypasyna uýgunlaşmagydyr. «Google-yň» gizlinlik syýasatynda emeli aň tarapyndan döredilen tekstiň, mazmunyň we funksiýanyň ulanylýan sahypasynyň salgysynyň «Google-a» iberilýändigi aýdylýar. «Google» bu maglumatlaryň «Help me write» funksiýasyny kämilleşdirmek boýunça gözlegler üçin ulanylýandygyny belleýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir