«Stellantis» konserniniň düzümine girýän «Jeep» amerikan awtoulag brendi 2025-nji ýylyň ahyryna çenli bäş sany täze we täzelenen modelini hödürlär. Bu barada gazeta.ru «Motor1» neşirine salgylanyp habar berýär. «Jeep» modelleriniň arasynda iň ýyndamy boljak «Jeep Wagoneer S SUV» awtoulagynyň önümçiligi 2024-nji ýylyň ikinji çärýeginde başlar we üçünji çärýekde satuwa çykarylar. Awtoulag 100 km/sag tizlige 3,5 sekuntda ýetmäge ukyply bolar. Täze «Jeep Recon» krossoweri hem ýylyň ahyrynda satuwa çykarylar. «Wagoneer S» ýaly, ol hem ulaldylan «STLA Large» platformasynda döredildi. Amerikan awtoulag öndürijisi 2025-nji ýylda zarýad berilýän «Jeep 4xe» gibrid awtoulaglarynyň görnüşlerini artdyrmagy maksat edinýär. Täze modelleriň biri öň yglan edilen «Jeep Gladiator PHEV» pikapy bolup biler.