Alymlar smartfonda barmagyň süýşýän sesiniň barmak yzlaryny dikeltmek üçin ulanylyp bilinjekdigini anykladylar diýip, Tom's Hardware neşiri habar berýär. Häzirki wagtda smartfonlarda we beýleki enjamlarda ulanylýan barmak yzynyň howpsuzlyk tehnologiýasy, öň pikir edişimiz ýaly, edil howpsuz hem däl eken. ABŞ-ly we hytaýly gözlegçiler topary barmak duýgur ekranyň ýüzünden süýşende çykýan sesi seljermek arkaly, adamyň papillýar çyzyklarynyň çyzgysyny täzeden gurup bilýän PrintListener atly usuly döretdi. Munuň üçin jenaýatça pidanyň smartfonyndaky mikrofony düzüp bilse, şeýle hem ulanylýan programmalarda (Diskord, Skype, WeChat, FaceTime ýaly) barmagyň süýşýän sesini ýazga alsa bolany. “Hakyky ssenarilerde” bu usul 25% -den gowragynda barmak yzlaryny bölekleýin we 9,3% -de doly üstünlikli dikeltdi. Barmak yzy esasly howpsuzlyk tehnologiýasy giňden ýaýrandyr we, köplenç, ygtybarly hasaplanýar - eger häzirki depgininde ösmegini dowam etdirse, 2032-nji ýyla çenli barmak yzyny tassyklamak çözgütleri bazary, takmynan, 100 milliard dollara ýeter. Şol bir wagtyň özünde jenaýatçylaryň barmak yzlaryny ogurlamagy başarjakdygy kem-kem äşger bolýar. Şonuň üçin adamlar suratlarda ellerini barha seýrek görkezýärler. Täze gözlegiň netijeleri, biometrik maglumatlary goramagyň has kämil usullaryny ösdürmegiň zerurdygyny görkezýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir