Singapurly 8 ýaşly Aşwat Kauşik grossmeýsterden üstün çykan taryhda iň ýaş oýunçy boldy. Ol Şweýsariýada geçirilen Burgdorfer Stadthaus Open ýaryşynda 37 ýaşly polşaly Ýasek Stopymy ýeňdi diýip, “Sport-Ekspress” ýazýar. Duşuşyk wagtynda oglan 8 ýaş 6 aýlykdy. Şeýlelik bilen, ol rekord goýan wagty özünden bäş aý uly bolan serbiýaly Leonid Iwanowiçiň golaýda gazanan üstünliginden öňe geçdi. Aşwatyň ene-atasy ýönekeý migrant işçiler, ogullarynyň küşte ukybyny ösdürmek bilen ýörite meşgullanmandyrlar. Küşt oýnamagy ol ChessKid web sahypasynda özbaşdak öwrenipdir, şeýle-de garry atasy we garry enesi bilen oýnapdyr. Häzir Kauşik dünýä derejesindäki hünärmenleriň ýolbaşçylygynda tälim alýar. Singapur Küşt federasiýasynyň baş direktory Kewin Go Weý Min ony “ýurduň sport abraýy” we 14 ýaşa çenli toparyň lideri diýip atlandyrýar. Aşwatyň özi dünýä çempiony bolmak isleýändigini aýdýar. Onuň ajaýyp ukyplaryny göz öňünde tutsak, bu başa barmajak zat däl, ýöne çaklamalar babatynda howlukmalyň: aýratyn ýiti zehinli çagalaryň hemmesi küşt Olimpiniň çür depesine çykaýmaýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir