«Barselonanyň» futbolçysy Lamin Ýamal Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda «Napoli» bilen geçirilen ilkinji oýunda toparynyň başlangyç düzüminde meýdança çykdy. «Gök-gyrmyzylaryň» futbolçysy Ýewropanyň iň abraýly klub ýaryşynyň pleý-off tapgyrynda meýdança çykan iň ýaş oýunçy boldy diýip, «Opta» habar berýär. Häzirki wagtda onuň ýaşy 16 ýaş 223 gün. Ýamal «Barselonanyň» uçurymydyr we geçen ýyldan bäri esasy toparda oýnaýar. 16 ýaşly futbolçy 2022/2023-nji möwsümde «gök-gyrmyzylar» bilen La Ligada ýeňiji boldy. Bu möwsüm ol toparyň düzüminde ähli ýaryşlarda 34 oýna gatnaşdy, şolarda bäş pökgi geçirdi we dört ýardam pasyny berdi. Oýunçynyň häzirki klub bilen şertnamasy 2026-njy ýylyň iýun aýynyň ahyryna çenli hereket edýär. «Transfermarkt» internet portalyna görä, futbolçynyň çak edilýän bahasy 60 million ýewro.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir