Şweýsariýanyň Alp daglarynda 3D usulda çap edilen dünýädäki iň beýik bina peýda bolar. Bu Sýurihiň ýokary tehniki mekdebiniň (ETH Zurich) alymlary tarapyndan döredilen ak reňkli minaradyr. Ol ýüzden gowrak elementden ybarat bolar. Minaranyň ähli bölekleri çap enjamynda çap ediler we Mýulens obasyndaky gurnama meýdançasyna getiriler. Binanyň beýikligi 30 metr bolar. Döredijileriň bellemeklerine görä, onuň arhitekturasy barokko stiliniň elementleri esasynda ýerine ýetiriler. 102 sütün bäş gata goldaw berer we ýarym açyk meýdançany emele getirer. Ýaramaz howadan goramak üçin aýrylýan ýeňil membrana göz öňünde tutulýar. Bu ýere gelýänler spiral basgançak bilen ýokarky gatlara çykyp bilerler. Iň ýokarky gatda kiçijik sahna we 45 orunlyk tomaşa zaly bolar. Alymlar zerurlyk bolan ýagdaýynda diňi söküp, başga bir ýerde täzeden gurup boljakdygyny bellediler. Çap etmegiň ähli prosesi takmynan 900 sagat dowam eder. Robotlaşdyrylan 3D çap enjamlary semente meňzeş ýumşak garyndy gatlagyny üst-üste ýerleşdirip, diň bölekleriniň esasy gurluşyny döredýärler. Ýörite programma üpjünçiligi islenýän geometrik şekilleri saýlaýar we zerur görkezmeleri robotlara iberýär. Taslamany döredijiler 3D çap etmegiň adaty tehnologiýalary ulanyp, şunuň ýaly giň gerimli, öndürip bolmaýan şekilleri döretmäge mümkinçilik berýändigini bellediler. Elementler diňe gurluşyk talaplary zerur bolan ýerlerde beton bilen doldurylýar, bu bolsa gurluşyk materiallaryny ep-esli derejede tygşytlaýar. Minaranyň gurluşygy 2024-nji ýylyň ortalarynda tamamlanar diýlip, ETH Zurich habar berýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir