Kaliforniýanyň ýaşaýjysy Jennifer Haýatt Pixel 6 Pro smartfonlarynyň gyzmagyna sebäp bolýan kemçilikleriň bardygyny aýdyp, köpçüligiň adyndan Google-a garşy kazyýete arza berdi diýip, Android Authority portaly habar berýär . Haýattyň sözlerine görä, ol Pixel 6 Pro-ny birnäçe gezek çalşypdyr, ýöne ählisinde hem aşa gyzmak meselesi ýüze çykypdyr. Arza beriji satuw başlamazdan ozal Google-yň kemçilikden habarlydygyny, ýöne şonda-da bu barada müşderilere hiç hili duýduryş bermändigini nygtaýar. Haýatt Google-dan müşderilere bu kemçilik barada habar bermegi, Pixel 6 Pro-ny yzyna almagy we müşderileriň pullaryny yzyna gaýtarmagyny talap edýär. Arza Kaliforniýada berildi. Haýatt ştatdaky Pixel 6 Pro-nyň gyzmagyndan ejir çeken adamlaryň hemmesine wekilçilik etmek isleýär. Google indi sarp edijileriň hukugyny goramak baradaky kanunlaryň düzgünlerini bozmakda, ygtybarsyz mahabat ýaýratmakda we Song-Bewerliniň kepillik kanunyny berjaý etmezlikde aýyplanýar. Bu diňe kazyýet işiniň başlangyç tapgyry. Haýatt, arzasy bellige alynmazdan öňürti, birnäçe proseduralardan geçmeli bolar. Mundan başga-da, taraplar meseläni özara ylalaşyp hem çözüp bilerler.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir