Samsung enjamlarynyň ses mümkinçiliklerini giňeltmegi meýilleşdirýändigini yglan etdi. Kompaniýa köpsanly smartfonlara, planşetlere, telewizorlara we noutbuklara Auracast, 360 Audio we Auto Switch tehnologiýalaryny ornaşdyrýar. Bu barada kompaniýanyň resmi web sahypasynda yglan edildi. Fewral aýynyň ahyryndan başlap Samsung Galaxy Buds 2, Buds FE we Buds 2 Pro gulaklyklary täzelenmeleri alar. Bluetooth protokolyna esaslanýan Auracast tehnologiýasy bir enjamdan teoretiki taýdan çäklendirilmedik kabul edijilere - gulaklyklara we dinamiklere ses ýaýratmaga mümkinçilik berýär. Samsung Auracast-a gabat gelýän enjamlaryň sanawyny giňeltdi. Indi One UI 6.-li we has ýokary (Galaxy S23, Z Fold 5, Z Flip 5, Tab S9) işleýän modeller sesi ýaýradyp biler we One UI 5.1.1-li işleýän enjamlar bolsa (şol sanda Galaxy Z Fold 4, Z Flip 4, A54 5G, M54 5G, Tab S9 FE, Tab Active 5 5G) sesi kabul eder. Ilkinji gezek Galaxy S24 smartfonlarynda çykan AI-terjime aýratynlygy gulaklyklar üçin hem elýeterli bolar. Telefon arkaly terjime edilen ses gulaklyklarda eşidiler we söhbetdeş telefonyň dinamigi arkaly onuň terjimesini diňläp biler. 360 Audio giňişlige ses ýaýradyş tehnologiýasy Neo QLED we OLED telewizorlarynda elýeterli bolar. Owal diňe käbir Samsung smartfonlarynda we planşetlerinde işleýärdi. Jaň gelende Galaxy Buds 2 Pro-nyň Bluetooth birikmesini planşetiňizden ýa-da telewizoryňyzdan awtomatiki usulda geçirýän Auto Switch aýratynlygy indi One UI 6.0-ly işleýän Galaxy Book noutbuklarynda elýeterli bolar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir