Astronomlar Günüň günorta polýusynda seýrek partlamany hasaba aldylar. Astrofotograf Eduardo Şaberger Pupo bu hadysanyň täsin suratlaryny düşürdi diýip, Spaceweather.com-a salgylanýan “Hi-Tech” ýazýar. 17-nji fewralda bolan partlama ionirlenen gazyň ýa-da plazmanyň Ýeriň diametrinden 15 esse uly sütünini emele getirdi. Şeýle hadysalar gaty seýrek ýüze çykýar, sebäbi Ýyldyzyň polýuslaryndaky magnit meýdany, adatça, Gün nokatlarynyň emele gelmegini basyp ýatyrýar. Alaw kosmosa ullakan plazma buludyny zyňdy, ol koronal massanyň zyňyndysy hökmünde mälimdir. Alymlaryň bellemegine görä, bu adaty bolmadyk hadysa, Gün maksimumynyň ýetip gelýändiginiň alamaty bolup biler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir