Amerikanyň Merilend ştatynyň iki ýaşaýjysy iPhone bilen bagly 3 million dollara düşen kezzaplykda günäkärlenip, jenaýat jogapkärçiligine çekildi. Olar abatlatmak üçin kompaniýa müňlerçe galp smartfon ugradyp, ornuna hakyky smartfonlary alypdyrlar diýip, Gizmodo ýazýar. Prokuraturanyň wekili: "Bu kompaniýa uly zyýan ýetiren çynlakaý jenaýat" – diýip belledi. 33 ýaşly Haotýan Sun we 33 ýaşyndaky Penfeý Sýue 2017-nji ýyldan bäri Gonkongda galp iPhone-lary satyn alypdyrlar. Iki ýylyň dowamynda, yzlaryny ýapmak üçin, galp seriýa belgilerini we lakamlaryny ulanyp, Apple-iň serwislerine 5000 töweregi galp telefon iberipdirler. Kezzapçylykly hereketleriň netijesinde Apple, takmynan, 3 million dollar zyýan çekdi. Kazyýet olary günäkär hasaplady. Bu adamlar 20 ýyla çenli azatlykdan mahrum edilip bilner.