«Xiaomi» kompaniýasy iň soňky Intel prosessorlary ornaşdyrylan 14 we 16 dýuým ekranly «Redmi Book Pro 2024» noutbuklaryny tanyşdyrdy. «Redmi Book Pro 14» 120Hz täzelenme tizligi we 400 nit ýagtylygy bolan 14 dýuýmlyk 2,8K displeý bilen üpjün edilýär. Ekranyň «TÜV Rheinland» sertifikatyna we «Dolby Vision» goldawyna eýedigi bellenilýär. Bu modeliň öndürijiligine TDP 65 Wt-lyk häzirki zaman «Intel Ultra 5 125H» ýa-da «Ultra 7 155H» prosessorlary, 16 ýa-da 32 GB LPDDR5X operatiw ýat we 512 GB ýa-da 1 TB SSD jogap berýär. 80 Wt/sagat sygymly akkumulýator 30 sagada çenli batareýanyň ömrüni üpjün edýär we 100 Wt çalt zarýad bermegi goldaýar. «Redmi Book Pro 16» 16 dýuýma çenli ulaldylan, täzeleniş tizligi 165 Hz we 500 nit ýagtylygy bolan 3K ekrana eýedir. Şeýle hem onuň «TÜV Rheinland» sertifikatyna, «Dolby Vision» goldawyna we P3 reňk öwüşginlerini doly şöhlelendirmek mümkinçiligine eýedigi bellenilýär. Noutbugyň uly nusgasy şol bir «Intel» prosessorlary bilen enjamlaşdyrylan, ýöne TDP 70 Wt-a çenli ýokarlandyrylan. Bu model diňe 32 GB operatiw ýat we 1 TB SSD nusgada elýeterli bar. 99 Wt/sagat sygymly akkumulýator 27 sagada çenli batareýanyň ömrüni üpjün edýär we 140 Wt çalt zarýad bermegi goldaýar. Şeýle hem iki modeliň hem ýylylyk turbajyklary we wentilýatorlary bolan üç kanally sowadyş ulgamyna eýedigi aýdylýar. Noutbuklar «Xiaomi ThePaper OS» ekoulgamyna birikdirildi we dürli «Xiaomi» enjamlaryna birikmäge we bir ekoulgamda ulanmaga mümkinçilik berýän «HyperOS Connect» tehnologiýasyny goldaýar. Mysal üçin, maglumatlary paýlaşyp, ykjam goşundylary işledip, ekrany giňeldip, smartfony ýa-da planşeti syçanjyk we klawiatura hökmünde ulanyp bolýar. «Intel Ultra 5 125H» bilen işleýän «Redmi Book Pro 14-iň» esasy wersiýasynyň bahasy 4999 ýuana (takmynan 694 dollar), şol bir prosessorly, 32 GB/1 TB 16 mümkinçilikli dýuýmlyk modeliň bahasy 5999 ýuana (takmynan 833 dollar) deňdir.