«Apple» kompaniýasy «iPhone 15» smartfonlaryna giňeldilen batareýa sazlamalaryny goşdy. Bu barada «MacRumors» neşiri habar berýär. «iOS 17.4-iň» beta wersiýasyna täze batareýa sazlamalary girizildi. Ulanyjylar batareýanyň ýagdaýy barada maglumatdan başga-da, zarýad beriş siklleriniň sanyny görüp bilerler. Bu maglumatlar batareýany çalyşmagyň zerurdygyny ýa-da däldigini bilmäge kömek eder. Şeýle hem kompaniýa «iPhone» smartfonlarynyň batareýalarynyň galan kuwwatyny hasaplamak ulgamyny üýtgedendigini aýtdy. Şeýlelikde, «Apple» kompaniýasynyň täze smartfonlary 1000 gezek zarýad berişden soň 80 göterim kuwwatyny saklamaga ukyplydyr, köne nusgalarda bu görkeziji 500 gezege deňdir. Zarýad beriş siklleri barada täze maglumatlar diňe täze enjamlaryň – «iPhone 15», «15 Plus», «15 Pro» we «15 Pro Max» ulanyjylary üçin elýeterlidir. Şeýle hem täze enjamlaryň eýeleriniň batareýanyň zarýadynyň kuwwaty 80 göterime ýetende zarýad berilmegini bes eder ýaly telefonlaryny sazlap biljekdigi bellenilýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir