«Honor» kompaniýasy ulanyja serediş we smartfon arkaly awtoulagy dolandyrmaga mümkinçilik berýän emeli aň esasly innowasion tehnologiýany hödürledi. Bu barada «GSMArena» portaly habar berýär. Tehnologiýa smartfonyň frontal kamerasynyň gapdalynda gurnalan 3D ToF skaneri arkaly ulanyjynyň göz hereketlerini seljerýär we olary awtoulag buýruklaryna öwürýär. Tanyşdyryş wideosy ulanyjynyň motory nädip açyp we öçürip biljekdigini, şeýle hem «Honor Magic 6 Pro» smartfonyndaky programmanyň ýörite nyşanlaryna 2-3 sekunt seredip, maşyny öňe we yza süýşürip biljekdigini görkezýär. Şeýle-de bolsa, häzirki tapgyrda awtoulagy, şol sanda onuň ruluny doly dolandyrmak mümkin däl. Mundan başga-da, tehnologiýa häzirki wagtda diňe Hytaýda tanyşdyryş prototipi hökmünde elýeterlidir. Adaty ulanyjy bu funksiýany peýdalanyp bilmez. Awtoulagdaky şeýle mümkinçilikler geljekde, mysal üçin, howa gözegçiligini dolandyrmaga kömek eder, munuň üçin eliňi ruldan aýyrmagyň zerurlygy bolmaz. Şeýle çözgüdiň ýol hereketinde näderejede ygtybarlydygy aýan edilmeýär. «Honor» kompaniýasy emeli aň çözgütleri barada has giňişleýin maglumatlary fewral aýynyň ahyrynda geçiriljek «MWC 24-de» paýlaşmagy meýilleşdirýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir