«Xiaomi» kompaniýasy Hytaýda giň gerimli tanyşdyryş dabarasyny geçirdi, onuň çäklerinde «Leica» kamerasy bolan «Xiaomi 14 Ultra» flagman smartfonyny görkezdi. Täze önüm 3200x1440 piksel durulygy, 120 Hz çenli uýgunlaşdyrylan şekil täzeleniş tizligi we iň ýokary ýagtylygy 3000 nit bolan 6,73 dýuýmlyk tekiz OLED ekran bilen üpjün edildi. Enjamyň öndürijiligine «Qualcomm Snapdragon 8 Gen 3» flagman çipi, 12 ýa-da 16 GB LPDDR5X operatiw ýat we 256, 512 GB ýa-da 1 TB UFS 4.0 goşmaça ýat jogap berýär. «Xiaomi 14 Ultra-nyň» esasy aýratynlygy «Leica» kompaniýasynyň «Summilux» optikasy bolan dört sany 50 megapikselli kamerasynyň bolmagydyr. Smartfon: optiki stabilizasiýaly (OIS) we üýtgeýän diafragmaly «Sony LYT-900» esasy datçik, 3,2 esse optiki ýakynlaşdyrma we OIS mümkinçiligi bolan teleobýektiw, 5 esse ulaltmak we OIS mümkinçilikli periskop moduly, şeýle hem ultra giň burçly modul bilen enjamlaşdyrylandyr. Soňky üç kamera «Sony IMX858» sensoryna eýedir. Öň tarapynda 32 MP selfi kamerasy ýerleşdirilipdir. «Xiaomi AISP» emeli aň ulgamy bolsa şekilleri gaýtadan işlemäge ýardam berýär. 5300 mA/sagat sygymly akkumulýator 90Wt çalt zarýad bermegi we 80Wt simsiz zarýad bermegi goldaýar. Smartfonyň beýleki aýratynlyklarynyň hatarynda IP68 standartyna laýyklykda, suwdan we tozandan goragy, emeli hemra aragatnaşygy goldawy we smartfony kameranyň analogyna öwürýän fotosuratlar üçin ýörite toplum bardyr. Bu esbaplar smartfondan aýratyn hödürlenýär. «Xiaomi 14 Ultra» ak we gara reňklerdäki eko-deri bilen elýeterli bolar. Şeýle hem smartfonuň gök reňkli we keramiki örtükli görnüşi hödürlener. Mundan başga-da, titan çarçuwasy bolan «Xiaomi 14 Ultra Titanium Edition» satuwa çykarylar. Hytaýda 12/256 GB adaty modifikasiýaly täze önümiň bahasy 6499 ýuana (takmynan 903 dollar), 16 Gb RAM we 1 TB ýady bolan titan çarçuwaly modeliniňki bolsa 8,799 ýuana (takmynan 1222 dollar) deňdir.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir