Geçen ýyl PFL ligasy bilen şertnama baglaşan agyr agramda UFC-niň öňki çempiony Frensis Ngannu garyşyk başa-baş söweş sungatyna gaýdyp gelýär. Ol şu gün Raýan Beýder bilen Henan Ferreýranyň arasynda geçiriljek super söweşiň ýeňijisi bilen duşuşar. Gurama tarapyndan ýaýradylan resmi metbugat relizinde bu barada onuň baş müdiri Piter Mýurreý habar berdi diýip, fighttime.ru belleýär. “PFL ligasy Frensis Ngannunyň Bellator-yň çempiony Raýan Beýder bilen PFL-iň çempiony Henan Ferreýranyň arasyndaky agyr agramda geçiriljek super söweşiň ýeňijisine garşy MMA dolanyp gelýändigini habar bermäge şat” – diýip, PFL-iň ýolbaşçysy belledi. Frensis Ngannu bu habary ESPN bilen söhbetdeşlikde tassyklady. Häzirlikçe onuň MMA düzgünleri boýunça haçan söweşjekdigi belli däl. Ol häzir 8-nji martda Er-Riýadda geçiriljek dünýäniň öňki çempiony Entoni Joşua garşy boks söweşine taýýarlanmagy dowam edýär. Ngannu britaniýaly türgenden üstün çykan ýagdaýynda agyr agramda boks boýunça absolýut dünýä çempiony bilen söweşe esasy dalaşgär bolar. Bu çempion Taýson Fýuri bilen Aleksandr Usigiň arasyndaky söweşde kesgitlener. Raýan Beýder bilen Henan Ferreýranyň arasyndaky söweş şu gün, 25-nji fewrala geçilýän gije (1:00, Aşg. wagty) Er-Riýadda geçiriljek PFL bilen Bellator-yň bilelikdäki ýaryşynyň esasy wakasy bolar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir