«Apple Music» argentinaly futbolçy Lionel Messiniň oýunlardan öň diňlemegi halaýan 60 aýdymdan ybarat «Messi: The Warm-Up» pleýlistini mälim etdi. 3,5 sagatlyk sanaw argentin kumbiýasy, estrada, r'n'b we rok ýaly dürli žanrdaky aýdymlary öz içine alýar. Sanawdaky aýdymlaryň aglabasy puerto rikaly repçi Bad Bunny we meksikaly aýdymçy Peso Plumanyň aýdymlarydyr, şeýle hem Luis Fonsiniň «Despacito», «AC/DC» toparynyň «Highway To Hell» we «Coldplay» toparynyň «Viva La Vida» aýdymlary bar. «Özümi bilelim bäri, aýdym-saz durmuşymda hemişe möhüm orny eýeledi, esasanam oýun günlerinde» diýip, Messi belledi. Futbolçynyň aýtmagyna görä, aýdym oňa aňyny köşeşdirmäge we rahatlygyny saklamaga kömek edýär. Messi 36 ýaşynda, ol «Inter Maýami» toparynda oýnaýar. Argentinaly futbolçy Katarda geçirilen dünýä çempionatynda ýeňiji boldy, sekiz gezek «Altyn topa» mynasyp boldy we Çempionlar ligasynda dört gezek ýeňiş gazandy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 5 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir