«Huawei» kompaniýasy iki eplenýän «Pocket 2» smartfonynyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi. Täze önüm 2690x1136 piksel durulygy, 120 Hz çenli uýgunlaşdyrylan şekil täzeleniş tizligi we iň ýokary ýagtylygy 2200 nit bolan 6,94 dýuýmlyk çeýe OLED displeýi bilen üpjün edildi. «Huawei» kompaniýasynda bellenilmegine görä, damja şekilli «Xuanwu» berkidiji şarniri «Pocket 2-de» ekranyň iki böleginiň arasyndaky boşlugy aradan aýyrmaga mümkinçilik döretdi. Şeýle hem smartfonyň daşky korpusynda goşmaça displeý – 60 Hz çenli uýgunlaşma ýygylygy bolan 1,15 dýuým tegelek OLED ekrany bar. Enjam üç kamera bilen üpjün edildi – optiki stabilizasiýaly (OIS) 50 megapikselli esasy kamera, 12 megapikselli ultra giň burçly kamera we 3 esse optiki ýakynlaşdyrma we OIS mümkinçiligi bolan 8 megapikselli teleobýektiw. Frontal kamera 10,7 megapikselli datçik bilen üpjün edildi. «Huawei Pocket 2-de» haýsy çip oturdylandygy görkezilmeýär. Çak edilişine görä, smartfonyň öndürijiligine «Huawei Mate 60» flagman smartfonlarynda ulanylan «Kirin 9000S» prosessory jogapkärdir. Ulanyjylara 12 ýa-da 16 GB operatiw ýat, şeýle hem 256, 512 GB ýa-da 1 TB goşmaça ýat bilen birnäçe modifikasiýaly nusgalar elýeterli bolar. Şeýle hem goşmaça ýady «NM Card» ýat karty arkaly giňeltmek mümkinçiligi bardyr. 4520 mA/s sygymly akkumulýator 66 Wt çalt simli zarýad bermegi we 40 Wt simsiz zarýad bermegi goldaýar. 7,5 Wt kuwwaty bolan yzky simsiz zarýad berijiniň bardygy hem aýdylýar, onuň kömegi bilen başga enjamlara hem zarýad bermek mümkindir. Beýleki aýratynlyklaryň hataryna iki metre çenli çuňlukdaky suwda işlemäge mümkinçilik berýän IPX8 standartyna laýyklykda suwa garşy gorag, emeli hemra aragatnaşygy we «HarmonyOS 4» programma üpjünçiligi girýär. «Huawei Pocket 2» Hytaýda 7,5 müň ýuandan (takmynan 1042 dollar) satuwa çykarylar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir