FourFourTwo žurnaly futbol taryhynda iň gowy britaniýaly oýunçylaryň reýtingini hödürledi. Oňa görä, Demirgazyk Irlandiýanyň milli ýygyndysynyň we “Mançester Ýunaýtediň” öňki hüjümçisi Jorj Best taryhda iň gowy britaniýaly futbolçy boldy. Bu barada Report agentligi belleýär. 34 adamdan ybarat sanawda ikinji orny şotlandiýaly Kenni Dalgliş (“Liwerpul”) eýeledi. Üçünji orunda angliýaly Bobbi Çarlton (“Mançester Ýunaýted”) ýerleşdi. Žurnalyň hasaby boýunça iň gowy britaniýaly oýunçylaryň ilkinji onlugy şulardan ybarat: Jorj Best (Demirgazyk Irlandiýa); Kenni Dalgliş (Şotlandiýa); Bobbi Çarlton (Angliýa); Bobbi Mur (Angliýa); Garet Beýl (Uels); Ueýn Runi (Angliýa); Kewin Kigan (Angliýa); Harri Keýn (Angliýa); Jimmi Griwz (Angliýa); Jon Çarlz (Uels). 21-nji asyrda çykyş edýän oýunçylardan neşiriň sanawyna Raýan Giggz (Uels) – 18-nji, Dewid Bekhem (Angliýa) – 19-njy, Alan Şirer (Angliýa) – 22-nji, Frenk Lempard (Angliýa) – 28-nji, Stiwen Jerrard (Angliýa) – 30-njy girdi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir