“Garri Potter” serialy 2026-njy ýylda HBO Max akym hyzmatynda çykar. Warner Bros. Discovery-niň baş direktory Dewid Zaslaw muny maýadarlar bilen geçirilen ýygnakda yglan etdi diýip, IGN habar berýär. Ol bu taslamanyň soňky bölegi on ýyldan gowrak ozal çykan asyl franşizanyň ruhuna laýyk geljekdigine ynandyrdy. Zaslawyň sözlerine görä, serial boýunça işler Joan Rouling we onuň topary bilen ýakyn hyzmatdaşlykda alnyp barylýar. Aprel aýynda HBO Max sýužetiň jikme-jikliklerini açmazdan, geljekki serialyň tizerini çykardy. Garri Potter hakyndaky filmlerde baş keşbi ýerine ýetiren aktýor Deniel Redkliff seriala gatnaşmaz. Ol wakanyň başdan başlap gürrüň beriljekdigini we ýigit çykan Garriniň keşbini oýnamak islemeýändigini aýtdy. “Garri Potter” serialy HBO Max-iň iň köp garaşylýan taslamalarynyň biri bolar. Onuň franşizanyň bütin dünýädäki muşdaklarynyň arasynda meşhur bolmak üçin ähli mümkinçilikleri bar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir