Kongoda geçirilen ekspedisiýa 20 ýyllap göze ilmän galan sary hüpükli, tuwulga kelle guşuň (Prionops alberti) seýrek görnüşini bellige aldy. Açyk sary “tuwulgaly” gara guş öň “ýitirilen” diýip hasaplanýardy. "Haýtek" neşiri onuň şu wagta çenli hiç surata düşmändigini ýazýar. El-Paso şäherindäki Tehas uniwersitetiniň (UTEP) alymlar topary Itombwe massiwiniň daglaryna edilen 120 kilometrlik ýöriş mahalynda bu guşuň 18 görnüşini tapdy. Prionops albertiniň suratyny filosofiýa ylymlarynyň doktory we Lost Birds taslamasynyň ýolbaşçysy Kemeron Ratt tassyklady. Uruş we beýleki howpsuzlyk meseleleri bilen bagly guşlaryň Merkezi Afrikadaky Albertine riftiniň eňňidindäki tebigy mekanyna baryp bolmaýardy. Amerikanyň guşlary goramak guramasy Prionops albertini "ýitirilen" görnüşleriň sanawyna saldy. Bu kategoriýa 130-dan gowrak görnüş girýär. Tehas alymlarynyň açyşy bu seýrek guşuň goralyp saklanjakdygyna umyt döredýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir