“Missiýany ýerine ýetirmek mümkin däl” filminiň gahrymany Tom Kruz drama kinosyna gaýdyp gelýär: aktýor Oskar baýragyna eýe bolan režissýor Alehandro Gonsales Inýarritunyň (“Guş-adam”, “Diri galan”) täze filminde baş keşbi ýerine ýetirer. Kartina Warner Bros. we Legendary studiýalary prodýuserlik eder. Sýužet heniz gizlin saklanýar. Inýarritu ssenariýany “Guş-adamyň” awtordaşlary Aleksandr Dinelaris we Nikolas Jakabone bilen bilelikde ýazdy. Kruz ýakynda täze filmleriň önümçiligi üçin “Wornerler” bilen şertnama baglaşdy. Onuň üçin esasy maksat has “çynlakaý” taslamalara gatnaşmakdy. Inýarritunyň soňky filmi, ýarym awtobiografik drama “Bardo” 2022-nji ýylda çykdy we tankytçylar tarapyndan dürlüçe kabul edildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir