Sport gözlegleri bilen meşgullanýan SSRS kompaniýasy häzirki wagtda “Inter Maýamide” çykyş edýän argentinaly futbolçy Lionel Messiniň ABŞ-da iň meşhur türgendigini habar berdi. Bu barada gazeta.ru belleýär. Kompaniýa her çärýek 12 ýaşdan uly janköýerleriň arasynda pikir soraşma geçirýär. Messi pikir soraşmada ýeňen ilkinji futbolçy boldy. Ol soňky soralyşykda ähli sesleriň 5%-ine golaýyny aldy. Mundan öň lider öňki basketbolçy Maýkl Jordandy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir