Angliýanyň “Kroýdon” futbol klubunyň oýunçysy Raýan Holl oýun başlanandan soň derrew meýdançanyň merkezinden gol bilen tapawutlandy. Bu barada Bi-bi-si salgylanyp, gazeta.ru habar berýär. Holla derwezä gol geçirmek üçin bary-ýogy 2,31 sekunt gerek boldy – bu futbol taryhynda iň çalt goldur. “Kroýdon” futbolçysynyň üstünligini hasaba aldyrmak üçin Ginnesiň rekordlar kitabyna ýüz tutdy. Ýöne Rekordlar kitabynyň wekilleri Raýan Hollyň rekordyny hasaba almakdan ýüz öwürdiler. Olar goluň ajaýyp bolandygyny, ýöne statistika bil baglap boljak professional futbolyň çäginden daşarda gazanylan üstünlikleri hasaba almaýandyklaryny bellediler. 1953-nji ýylda esaslandyrylan höwesjeňler kluby hasaplanýan “Kroýdon” Angliýanyň Birinji diwizionynyň Günorta okruglarynyň Gündogar ligasynda oýnaýar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir