«Samsung Galaxy Z Fold5» eplenýän smartfon «UL Solutions» instituty tarapyndan birnäçe agyr synagdan geçdi we «MIL-STD 810G» standarty boýunça harby derejeli sertifikata mynasyp boldy. Bu bolsa enjamyň dürli daşarky täsirlere, şol sanda titremä, çyglylyga, urga we temperaturanyň üýtgemegine garşy durnuklylyk boýunça laboratoriýa synaglaryndan geçendigini subut edýär. Bu barada gazeta.ru Günorta Koreýanyň «The Elec» neşirine salgylanyp habar berýär. Synaglaryň dowamynda smartfonyň 7 dýuýmlyk çeýe matrisasy -10 gradusda dört sagat doňansoňam ygtybarly işleýändigini görkezdi. Mundan başga-da, enjam yzly-yzyna üç gezek -32-den +63 gradusa çenli temperaturanyň üýtgemegine durnuklylygy boýunça synagdan üstünlikli geçdi. Ekranyň elden gaçmaga durnuklylygy hem synag edildi. Şeýlelikde, enjam dürli ulanylyş ssenariýalarynda 1,22 metr beýiklikden gaçyrylyp, 26 synagdan geçirildi. «MIL-STD 810G» standarty boýunça goşmaça synaglar titremä, tozana, guma, çyglylyga, duz dumanyna we buz gatyşykly ýagşa çydamlylygy öz içine aldy. Ähli synaglaryň netijesinde, ekrana ýokary ygtybarlylygyny we daşarky täsirlere durnuklylygyny tassyklaýan harby standartlara laýyklyk sertifikaty berildi.