2023-nji ýylyň iň gowy futbolçysy Lionel Messi «Barselonanyň» muzeýine sekizinji «Altyn topuny» berdi. Argentinaly futbolçynyň gazanan, dünýäniň iň gowy futbolçysyna gowşurylýan beýleki ýedi baýragy hem eýýäm bu ýerde ýerleşýär. Şeýle hereket bilen Lionel Messi karýerasynyň aglaba bölegini geçiren «Barselona» toparyna uly hormat goýýandygyny görkezdi. Argentinaly futbolçy 2003-nji ýyldan 2021-nji ýyla çenli Kataloniýanyň klubunda çykyş etdi. «RIA Nowosti» agentliginiň habar bermegine görä, Lionel Messi «Altyn toplarynyň» iň soňkusyny «Barselonanyň» muzeýine sowgat berdi. Şol bir wagtyň özünde, argentinaly ýyldyz «Pari Sen-Žermeniň» oýunçysy hökmünde 2023-nji ýylyň iň gowy futbolçysy diýlip ykrar edildi. Bu baýrak Lioneliň gazanan öňki ýedi baýragynyň ýanynda durar. Lionel Messi, 2009, 2010, 2011, 2012, 2015, 2019, 2021 we 2023-nji ýyllarda sekiz gezek dünýäde iň gowy futbolçy diýlip ykrar edildi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir