17-nji iýulda 18 ýaşyny doldurýan braziliýaly hüjümçi Endrik Madridiň “Realynda” dokuzynjy belgini alar. Bu belgide Karim Benzema we Alfredo Di Stefano ýaly meşhur oýunçylar çykyş edipdi. Bu barada “Marca” neşirine salgylanyp, gazeta.ru habar berýär. Topar Endrik 15 ýaşynda wagty, 2022-nji ýylyň dekabr aýynda onuň transferini resmileşdirdi. Ýöne hüjümçi “Reala” diňe 18 ýaşa ýetenden soň, ýagny 2023/24 möwsümi tamamlanandan soň goşulyp biler. Şertnama 2027-nji ýyla çenli niýetlenýär. Transferiň bahasy 35 mln ýewro boldy, şeýle-de Endrikiň “Realyň” düzüminde üstünlikli çykyşlary üçin ýene 25 mln ýewro möçberde mümkin bolan bonuslar bar. Geçen möwsüm Endrik Braziliýanyň “Palmeýras” kluby üçin ähli ýaryşlarda 53 oýna gatnaşyp, 14 gol geçirdi we bir netijeli geçirim etdi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir