2023-nji ýylyň dördünji çärýeginde Apple Ýewropada smartfon üpjünçiliginiň göwrümi boýunça soňky 21 aýda ilkinji gezek Samsung-dan öňe geçdi. Canalys analitik kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, Ýewropanyň umumy smartfon bazary 3% azaldy. Bu barada gazeta.ru belleýär. Soňky maglumatlara görä, 2023-nji ýylyň dördünji çärýeginde smartfonlaryň Ýewropa iberilişi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 37,8 mln birlige çenli azaldy. Apple üpjünçiligi 1%, 12,4 mln birlige çenli artdyryp, bazaryň lideri boldy. Onuň şeýle üstünliginiň iPhone 15 hataryna islegleriň ýokary bolmagy bilen baglanyşyklydygy bellenilýär. Samsung ikinji orny eýeledi – 10,8 mln smartfon (12% azalma). Liderleriň üçlügini Xiaomi jemleýär. Kompaniýanyň üpjünçiligi 6 mln birlik boldy we bu 2022-nji ýyldakydan 10% azdyr. Mundan başga-da, kyn ykdysady ýagdaýa garamazdan, premium modellere isleg rekord derejede ýokary boldy – satylan smartfonlaryň tas 40%-iniň bahasy 800 dollar we ondan hem ýokarydy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir