Meşhur wampir awçysy baradaky hekaýaty gaýtadan başlatjak Marvel-iň täze “Bleýd” filminiň ilkinji görkezilişi 2026-njy ýyla çenli yza süýşürildi. Bu barada WorldofReel portaly insaýder Jeff Snaýdere salgylanyp habar berdi. Taýýarlanyp başlanandan bäri taslama köp sanly kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz boldy, alty gezek ssenariçini üýtgetdi we henizem surata düşürilip başlanmady. Filmiň režissýory Ýan Demanž ("71") we ssenariniň iň soňky wersiýasyny Maýkl Grin ("Logan", "Tygyň ýüzünden ylgaýjy 2049") ýazdy. Baş keşpde oýnamaly Maherşala Alynyň bu taslamany terk edip biljekdigi barada owal myş-myşlar ýaýrapdy. Onuň nägileliginiň sebäbi, ssenariniň Nik Pissolatto tarapyndan ýazylan öňki wariantynda Bleýdiň keşbi ikinji plana geçirilýärdi. Ýöne, Griniň warianty aktýory kanagatlandyran bolara çemeli. Ähli kynçylyklara garamazdan, "Bleýd" Marveliň soňky ýyllardaky iň gyzykly taslamalarynyň biri boljakdygyny wada berdi. Film R derejesine eýe bolar we býujeti 100 million dollardan az bolar. Bleýd hakyndaky ilkinji film 1998-nji ýylda çykdy we Marvel-iň komiksleriniň ilkinji şowly ekranlaşdyrylmasy boldy. Onda we ondan soňky iki filmde baş keşbi Wesli Snaýps ýerine ýetirdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir