«Samsung» uzalyp bilýän ekrany bolan smartfonyň üstünde işleýär diýip, «GizmoChina» neşiri habar berýär. Syzdyrylan patentlere görä, «Samsung-yň» geljekdäki eplenýän smartfonynda diňe bir displeý – içki displeý bolar. Eger ulanyja asyl nusgasyndan has uly meýdany bolan ekran gerek bolsa, ol rulon görnüşinde togalanan ekrany ýörite mehanizm bilen uzaldyp biler. «Samsung-yň» nobatdaky eplenýän enjamy, suratlardan görnüşi ýaly, planşete meňzeýär. Enjam köp babatda «iPad mini» planşetiniň alternatiwasyna meňzeýär: ol jübiňizde ýerleşip bilýän planşet, ýöne şol bir wagtyň özünde, onuň täze eplenýän ekrany we süýşýän mehanizmi sebäpli ägirt uly displeý bar» diýip, «GizmoChina» bu patente düşündiriş berýär. «Samsung-yň» bu konsepti köpçülikleýin öndürip-öndürmejekdigi heniz belli däl.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir