«Vivo» kompaniýasy hytaý bazary üçin «Y100» seriýaly täze smartfonyny tanyşdyrdy. Enjam «Vivo Y100t 5G» diýlip atlandyrylýar we eýýäm «Y100» we «Y100i» görnüşlerini öz içine alýar. «Vivo Y100t 5G» smartfony bu hatardaky iň uly enjam boldy we has gowy aýratynlyklara eýedir. Bu barada «GizmoChina» habar berýär. «Vivo Y100t 5G» FHD+ durulygy we 120Hz täzelenme tizligi bolan 6,64 dýuým IPS LCD displeý bilen üpjün edilendir. Enjam «MediaTek Dimensity 8200» çipset bilen işleýär. Ol 8 GB ýa-da 12 GB operatiw ýada, şeýle hem 256 GB ýa-da 512 GB goşmaça ýada eýedir. Enjamda gurnalan «Android» we «OriginOS» operasion ulgamynyň takyk wersiýasy heniz belli däl. «Y100t 5G» 120W çalt zarýad beriji bilen 5000 mA/sagat akkumulýator bilen üpjün edilendir. Öň tarapynda 16 megapikselli selfi-kamera, arka tarapynda optiki stabilizasiýa bilen 64 megapikselli esasy kamera we 2 megapikselli çuňluk datçigi ýerleşdirildi. Täze önümde NFC, gapdalda oturdylan barmak yzy skaneri we 3,5 mm ses bölümi bardyr. «Vivo Y100t» smartfonynyň bahasy heniz yglan edilmedi. Onuň 23-nji fewralda – Hytaýda täze önüm üçin deslapky sargytlaryň açyljak güni aýan edilmegine garaşylýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 6 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir