Eýfel diňiniň işgärleri bu binagärlik ýadygärligini dolandyrmagyň ykdysady strategiýasynyň üýtgedilmegini talap etmek bilen iş taşlaýyş yglan etdiler. Bu barada Agence France Presse salgylanyp, TASS habar berýär. Diň işgärleriň “diňi dolandyrmagyň häzirki strategiýasyny ýazgarýandygy” sebäpli baryp görmek üçin ýapykdyr. Işgärleriň pikiriçe, häzirki ykdysady model zerur abatlaýyş işleri üçin çykdajylaryň bahasynyň pes bolmagyna we geljekki girdejilerden tamalaryň ýokary bolmagyna esaslanýar. Kärdeşler arkalaşyklary “koronawirus pandemiýasyndan soň syýahatçylardan gelýän girdejileriň 120 mln ýewrodan gowrak azalandygyna” üns bermegi talap edýärler. Olar Eýfel diňini gowy ýagdaýda saklamak üçin zerur bolan abatlaýyş işlerini maliýeleşdirmäge mümkinçilik berjek ýörite gaznanyň döredilmegini talap edýärler. Geçen gezek Eýfel diňi 2023-nji ýylyň 27-nji dekabrynda ony döredijiniň aradan çykmagynyň 100 ýyllygynda işgärleriň iş taşlaýyşlary sebäpli ýapyldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir