Slowakiýanyň milli ýygyndysyna ýolbaşçylyk edýän Françesko Kalsona Italiýanyň “Napoli” toparynyň baş tälimçisi wezipesinde Walter Mazzarriniň ornuny çalyşdy. Bu barada futbol klubunyň prezidenti Aurelio De Laurentise salgylanyp, RIA Nowosti habar berýär. Slowakiýanyň Futbol birleşigi Kalsona şu möwsümiň ahyryna çenli “Napoli” toparyna tälimçilik etmäge rugsat berendigini aýtdy. Şeýle-de, guramanyň italiýaly hünärmen bilen 2025-nji ýylyň ahyryna çenli täze şertnama barada ylalaşandygy habar berildi. 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna çykylan ýagdaýynda şertnama dünýä birinjiligindäki çykyşyň ahyryna çenli awtomatiki usulda uzaldylar. “Men De Laurentisiň maşgalasynyň we “Napoliniň” dosty Mazzarrä kyn pursatda topara beren goldawy üçin minnetdarlyk bildirýärin. Ol neapolitanlylaryň we biziň maşgalamyzyň ýüreginde galar. Hoş geldiňiz, eýýäm biziň bilen Sarriniň we Spallettiniň ştabynda işleşen Françesko Kalsona, dolanyp gelmegiňiz bilen” – diýip, De Laurentis X sosial ulgamyndaky sahypasynda ýazdy. Ýatlap geçsek, çarşenbe güni “Napoli” Çempionlar ligasynyň 1/8 final oýnunda Ispaniýanyň “Barselonasyny” kabul eder.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir