Asus kompaniýasy akylly kofe maşynynyň täze neslini - V60-y döretmek üçin Hario Corporation bilen hyzmatdaşlyk etjekdigini mälim etdi. ITHome-iň habar bermegine görä, täze önüm içerki emeli aň bilen üpjün ediler. AI-niň kömegi bilen kofe enjamy ulanyjynyň göwnüne ýarajak içgi reseptlerini maslahat bermek üçin, ulanyjynyň isleglerini seljerip başlar, sargytlaryň taryhyny we hatda, daşky gurşawyň aýratynlyklaryny hem öwrener. Mundan başga-da, ol iň oňat barristolaryň reseptlerini teklip eder: V60-iň reseptler kitaphanasy dünýäniň iň gowy barristolarynyň täze döredenleri bilen yzygiderli täzelenip durar. Şeýle hem AI ulanyja hakyky kofe ussady bolmaga kömek edip, onuň bilen maslahatlaryny we usullaryny paýlaşar. V60 seriýaly kofe maşyny ajaýyp kofeni taýýarlamak üçin ýörite V60 süzgüjini we Hario V60 ulgamyny alar: içginiň 18 sany resepti, şeýle hem saýlamak üçin 10 akym derejesi bar. Şeýle hem, enjamda temperaturany 80℃-dan 96℃ aralygynda takyk sazlamaga mümkinçilik berýän, şeýle hem kofe taýýarlamak üçin suwuň mukdaryny takyk sazlamaga mümkinçilik berýän temperatura gözegçilik ulgamy we elektron terezi bolar. V60-nyň bahasy ýa-da goýberiljek senesi barada entek maglumat ýok. Asus we Hario ýakyn wagtda has köp maglumat yglan eder diýlip garaşylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir