Ýewropa Komissiýasynyň (ÝK) başlygy Ursula fon der Lýaýen bu wezipede ikinji möhlet üçin dalaşgärligini hödürlejekdigini aýtdy. Muny TASS ýetirýär. Fon der Lýaýen 2019-njy ýylda ÝK-nyň başlygy bolmak mümkinçiligi berlende, intuitiw razy bolandygyny, häzir bolsa doly ýagdaýda aňly we oýlanyşykly karara gelendigini, öz dalaşgärligini ikinji möhlete hödürlemek isleýändigini aýtdy. Partiýanyň başlygy Fridrih Mers dalaşgärligi hödürlemek baradaky çözgüdiň dolandyryjy agzalar tarapyndan biragyzdan kabul edilendigini belledi. Fon der Lýaýen 2019-njy ýylyň iýun aýynda Ýewropa Bileleşiginiň sammitiniň netijesi bilen ÝK-nyň başlygy wezipesine bellendi. Ol bu wezipäni 2019-njy ýylyň 1-nji dekabryndan bäri eýeleýär. Ýewropa Komissiýasynyň başlygynyň indiki ygtyýarlylyk möhleti 2024-nji ýylyň dekabr aýyndan 2029-njy ýylyň noýabr aýyna çenli dowam eder.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir