Xiaomi we Leica ykjam enjamlar üçin optiki tehnologiýalary ösdürjek we öwrenjek Xiaomi x Leica Optical institutyny döretmek üçin tagallalaryny birleşdirdiler. Bu barada Xiaomi web sahypasyna salgylanýan 4PDA portaly habar berdi. Institut dört esasy ugra ünsüni jemlär: ykjam görnüş-faktorynda ultra takyk optiki linzalary ösdürmek, hasaplaýyş fotosuratynda ideal häsiýetnama ýetmek, obýektiwler üçin iň takyk optiki ülňülere laýyk gelmek, şeýle-de, iň soňky optoelektron tehnologiýalaryny gözlemek we ulanmak. Bu smartfon kameralarynyň hilini we mümkinçiliklerini ýokarlandyrar. Taslama iki kompaniýanyň öňdebaryjy hünärmenleri gatnaşýar. Institutyň işiniň birinji tapgyry Pekinde kamera enjamlary, şekilleri gaýtadan işlemek we şekiliň hiline baha bermek boýunça ýöriteleşjek üç sany uly laboratoriýanyň işe girizilmegi bilen baglanyşykly bolar. Leica bilen bilelikde işlenip düzülen önümi Xiaomi-niň haýsy smartfonynyň ilkinji bolup aljagy entek belli däl.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir