Ýaponiýanyň Toyota awtoöndürijisi kompaniýanyň awtomobillerine bagyşlanan GRIP atly bäş bölümli anime serialynyň çykyşyny anons etdi. Kompaniýa serialyň brendiň awtomobillerini ýaş auditoriýa hödürlemäge kömek etmegine bil baglaýar diýip, Variety neşiri habar berýär. GRIP-iň sýužeti futuristik megapolisde ýaýbaňlanýar we bu ýerde Toyota-nyň sport awtoulaglaryndaky gahrymanlar topary awtomatiki transport ulgamyny dolandyrýan güýçli tehnologiki konglomerat SynthCorp-a garşy durýar. GRIP serialynyň döredilmegi Toyota-nyň Intertend marketing agentligi bilen hyzmatdaşlygynyň netijesi boldy. Anime formaty Z nesli (1997-nji ýyldan 2012-nji ýyl aralygynda doglanlar) üçin “ideal kanal” we adaty bolmadyk beýan ediş üçin platforma hökmünde saýlandy. “Anime awtomobilleriň hem adamlaryň porttetini has giňişleýin döretmäge mümkinçilik berýär, şeýle-de sürüşden alynýan ýiti duýgulary we tolgunmalary güýçlendirmäge kömek edýär” – diýip, Intertend-iň strategiýa we döredijilik boýunça ýerine ýetiriji müdiri Metýu Çoý belledi. GRIP-iň premýerasy 26-njy fewralda Toyota onlaýn platformasynda bolar.